Baýramym
Baýramsoltana
Oturyp bir çaýlaşaly, Baýramym,
Çaýlaşara adam tapylmaz munda;
Ýürek gyssa, aglaşaly, Baýramym,
Aglaşara adam tapylmaz munda.
Çagalara görkezmäli ýaşymyz,
Güleli ýalandan, ýaramyz ýapyp.
Il ýüzüne dik tutaly başymyz,
Hem süýşjek bolaly ýolumyz tapyp.
Biz boýun bolmadyk taýaga eglip,
Iller çekilende süýşmedik yza.
Bagyşlamaz bizi gul bolan begler,
Jyklap gören ýaly çökenin dyza.
Bizden görer hapa çümenin göýdük,
Çoruny ýuwmagyň tapman alajyn.
Özi awusyny pürküp bilmedik
Başgany küşgürer ýetirip pajyn.
Oturyp bir çaýlaşaly, Baýramym,
Şol öýdäki ýaly çyg gelsin çekgä.
Içden, sessiz aglaşaly, Baýramym,
Hem birek-birege bolaly tekge!
()