KGB-niň işi

Eger döwlet adamy
öldürmese adamda,
ýagny öwürmese çalajan göwrä,
ýöräp ýören görmäge,
bir zatlary gürleýän,
boýy ösýän, semreýän
rahat ýer ýetdirse,
hemem sorag bermeýän,
nämä gerek gurup mekdep,
öňýetene bermek edep?

Eger döwlet adamy
öldürmese adamda,
ýagny öňün baglamasa duşmanyň,
mysal üçin, dury suwy bulajak,
soň yzyndan ýetip bilmez puşmanyň,
şondan döredilen KGB, belki,
eger çaga bilim berýän bar bolsa,
öwredýän bar bolsa sorag bermegi,
yhlas etse işe hiç bilmän hetdin,
tapar hemem kowar ýaly mekdepden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024