Heder ertekisi

Bir tarapy hekaýanyň,
ýa aýdaly, wakanyň,
men aýdaýyn ýa-da sen,
ýa o biri, üçünji
gürrüň bersin irmän, arman,
her sözüni saýyp derman,
bir tarapy bolar diňe
bolup geçýän zatlaryň,
sebäbi men, sen hem ol
öz gözünden görer diňe,
öz ýüregi bilen duýar,
geçirer öz beýnisinden,
adam bolan, ezelden bu,
öz bähbidin arar durman...

Eger bir il ýa-da millet
bagly bolsa birlerine,
hala dindar, hala döwlet,
hala garşy oýnaýan,
öz gözüni özi baglap,
öz aňyny özi daňyp,
agzyndaky dilin dişläp,
agzy ýeke bolsa beter,
erteki bor diňe aýdyp bolýan zat,
hakykatdan edip heder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024