Il türmesi

Iller näme diýer, il näme aýdar,
bu ullakan türme, gapysy-da ýok,
bir içine düşseň,
çykmasy müşgül,
ömrüň boýy bolup galmaly, belki,
ile ýesir, ile gul.

A il guly bolmak bir ýa-da iki,
on adama gul bolandan has agyr,
sebäbi ol näme diýmez,
ýaranmarsyň müň ýyl malyny baksaň,
ýa-da ýerin sürseň ýatman,
ekin ekseň, alma, enar getirseň,
içinden bir çüýrük armydy tapyp,
maňlaýyňa berer hökman.

Bendesi ne, alla, hudaý, haky-da
sylap ýa-da aýap goýmaýar ulus,
aýyplaýar hökman günde-günaşa,
öz etmedik işi üçin,
synanmadyk synaglary,
ýa ýuwmadyk dişi üçin,
ogurlansa maly, mülki,
ýapylmadyk gapy üçin,
myhman gelip, bolsa gülki,
atylmadyk hapa üçin,
ýoly üçin, gurmadyk hiç,
rysgy üçin, durmadyk hiç,
açlygy üçin-de günäkär alla,
doklugy üçin-de günäkär hudaý,
ýa-da artyk iýen, içeni üçin,
guçmasyz birini guçany üçin,
barmasyz ýerine gatnap irginsiz,
barmaly ýerinden gaçany üçin,
sanasaň sogap däl, günä bar, walla,
bolman çyny bilen käýiner millet,
baýa berýär diýip alla...

Iliň guly ýa-da iliň biriniň,
ikisiniň guly bolan,
öz-özün aşaga salan, iteklän,
egilen hem emedeklän,
gara güni üçin, belki,
ýa-da başga alaç tapman,
saňa diýer döwülmeseň,
oturan şahaňy çapma!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024