Sorag-jogap

Tanşym diýdi: “Ýadyňdamy paýtagta
Okuwa gelşimiz uzak obadan;
“Beýik halkyň” dilin öwrendik haýdap,
Diýdirmejek bolup kolhozçy, nadan?!”

“Hawa” diýdim. “Onda – oýlandy ýaňky,
-- Izin ber, bir sorag soraýyn senden.”
“Sora” diýdim. Diýdi: “Şonda TDU-da
Onuň, munuň ogly köpdü-le çenden?”

“Ýeri, bolanda nä?” “Olar orsça,
Belki, ökdediler özünden orsuň.
Indi biri görünmeýär ortada,
Bary porruk eken oýlanyp görsem.”

“Neden beýle diýýäň?” “Ýalanmy eýsem?
Musallata garşy durmady biri!
Ýylgyran bordular gürleseň, gülseň,
Bary bolup çykdy stol ýesiri.”

“Belki iş başynda, garaşýandyrlar,
Pursaty gelende galarlar birden!?”
“Ýok, men pursat gelýän zatdyr öýdemok,
Pursaty döredýär gorkmadyk şerden!”

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024