Manysyz işler

Manysy nä bir milletiň şahyry,
ýazyjysy bolmagyň,
ýa-da žurnalisti, gara başyny
etegine salan hakykat üçin,
azan döwlet töhmet atyp,
ugradanda gelmeze,
iliň, günüň birleşip däl,
doganyňam gelmese;
manysy nä bir milletiň
çagalaryn okatmagyň,
adam bolar ýaly ertir,
hammallykdan gutulyp,
azan döwlet töhmet atyp,
ýok edende toparlap,
bir okuwçy dikelmese?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024