Kinodaky doganlygyň soňy
Seni eziz ildeşleriň,
bile okan, bile işlän,
bile çeken kinodaky
doganlygyň hasratyn,
hakykatda bir-birege
bahyl bolnan watanda,
dogan-gardaş, tiredeşler,
milletdeşler millet bolman,
gör, nirede galanlar,
depelejek, basgalajak başarsa,
bir ýerlere ýetseň, gelseň,
islegleri irräk ölseň...
A ölmeseň, öldürjekler,
ýok töhmeti toslap, atyp,
adyň guma bulajaklar,
ne aňryňy sylajaklar,
ne bäriňi aýajaklar,
okamasaň, bilmeseň,
hiç hünäriň bolmasa,
hiç menzile gelmeseň,
gowy, meger, diýdirjekler,
ýöne okan, öwreneni,
hünäri bar elinde,
biraz saýlanany öňe
şeýle güne salýan bolsa,
okamadyk, bilmedik,
öz adyny zordan ýazýan,
ýa-da okap düşünmedik hiç zada
köplük nädip günün görýär dünýäde,
nä güne salýarka olary azan,
ýüzi asyk üstündäkiň öňünde,
elleri depderli hemem
tükeniksiz nama ýazan?