Täze häsiýet
Türkmen bir-birine öwreder neşe,
“Bilim öwret!” diýseň, bolarsyň duşman.
Türkmen ertirini etmez endişe,
Bir gün öňe baksaň, etdirer puşman.
Bagşysyna tirýek berer göz edip,
Arka tapsa, açyk satar gerräni.
Hökümet oturar daşdan esedip,
“Beýtmäliň” diýen iýer dürräni.
Türkmen bir-birine öwreder berim,
Çünki berim ýol ýasarmyş asmandan.
Eli açyk, agzyna bek ulalar,
Bermedik saýlanmaz çaý bilen nandan.
Türkmen bir-birine öwreder ýalan,
Ol öňki dürslügi däl indi moda.
Türkmen bir-birine öwreder talaň,
Halamaz agtarsaň başgarak ýoda.
Türkmen bir-birini iter pes işe,
Dilinde diýse-de “beýik”, “hormatly”.
Ahmal bolan galar aňňalak gapyp,
Eşekliden pes bor, gezse-de atly…
1997.