Göreşi saýlamadyk

Göreşi saýlamadyk,
duruşy saýlamadyk,
bolup bilmez aralyk,
gul bolmagy saýlar mydam,
ýaşasyn ol nirede,
işlesin ol nirede,
işlemesin hiç ýerde,
haýsy ülkede bolsun,
diplom alsyn neneňsi,
ýa dereje, at, şöhrat,
maşyn münsün nähili,
ýa eşegem münmesin,
pyýada gezsin ömür,
guý üstünden altyn, kümüş,
ýa-da külli gara kömür,
göreşi saýlan adam,
duruşy saýlan adam,
gider, ýolundan dönmez,
eder, pälinden dönmez,
düşünmez oňa gullar,
hem guldugyn gizleýän
ikýüzli şugullar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019