Şermendelik

Bagyryp, gygyryp, ýa haýbat atyp,
özüni tanatjak, bildirjek bolýan,
aldyrjak bolýan,
galdyrjak bolýan,
ýa oýnatjak bolýan öz oýny bilen,
çagalykdan tä ölýänçäň tapylar,
hem bir ölüp gapylar.

Megerem bu derdi adamyň uly,
özgä däl, özüne akyly ýetmez,
soňsuz akmaklygyň guly.

Seni öz ýanyna getirjek bolýan,
özi gelmän seniň ýanyňa golaý,
hem oýnatjak bolýan öz oýnun diňe,
ýa sazyna tans etdirjek, bökdürjek,
bagtly etjek bagty bilen özüniň,
ýa-da bagtsyz, bu belli däl öňünden,
batyrjak öz batgasyna,
oturtjak öz tapçanynda sylasa,
hä berdirjek gürrüňine, belki-de,
goýaly syýasat, ýenäni beýläk,
düşünmese, aňlamasa nätmeli,
seniň başga adamdygyň o bende,
emma muny açyk aýtsaň ýaşyrman,
borsuň şol dem birden-biriň şermende.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024