Problema we sen


Çözgüdi ýok hiç meseläň dünýede,
seniň özüň çözgüt bolmasaň eger,
ýa-da bolmak islemeseň,
gözlemeseň çözgüdi.
Sen mesele bolma dünýä düşünmän,
düşünmedik bolup, düşünip kelte,
ýa-da aňryk geçip, belki,
samsyk saýyp başgalary,
ýa emgenmek islemän hiç,
ýa-da aňsadyna bakyp,
oýun etme özüň bilen,
oýun etme ömür bilen,
geçip gitjek suw deý akyp...

Meseläniň çözgüdi bol başarsaň,
ýa çözgüdiň ýolunda bol,
ýarysy bol bolmanynda,
ýa-da ondan birisi,
bolsaň adam irisi,
ownuk bolma, düwnük bol
problema bolana,
sen çözgüdiň bölegi bol, boljak bol,
bolma problema gedemsi, gopbam,
ýa bölegi problemaň,
bolsaň - onuň için gyryp güldürip,
ökünjiňden hünibirýan aglama.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024