Soňsuz gurluşyk

Ozallar jaýymda, gaty palasly,
Aşgabatda kireýine ýaşaýan,
beton polda, maşynkanyň başynda,
ýeke galyp, öz-özümi gurardym,
dikelderdim öz-özümi ýazgaryp,
başga birin basalap däl, ezip däl,
arasynda Eziz gelse oýanyp,
emedekläp balaksyz,
iki gözi maşynkada, oýnajak,
basyp aljak bolup ýalňyz ýaragym,
goranardym el-aýak,
Baýramgüle ýetiş diýip bagyryp,
soň duşmanym güýçli boldy,
gaçdym çagalarym bilen ýurdumdan daşa,
maşynkamy taşlap özün Meskewde
ýazyp däl-de, içip guran gardaşa.
Indi stolum bar, jaýym bar, şükür,
bergisini üzmesem-de entejik,
hemem gurluşygy dowam edýärin,
stol çyrajygym ýakyp gijeler,
ýeke işläp, elbetde,
başga birin basyp, at aljak bolman,
bu bir ykbal diýsem, bolmazdy dogry,
adam özün gurjak, dikeltjek bolup,
özi öz içinde ot ýakýar soňsuz,
öz-özün kerpiç dek bişirýän howry.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024