Döwlet we sen

Döwletiň maşyny öldürmez gelip,
öldürişi ýaly ata-babaňy,
garşy bolan kolhoza,
eneňi, ataňy gul eder ilki,
soň ynamyň öldürer ol özüňe,
ulus ile, dogan-gardaş içinde,
dosta-ýara ynamyňy öldürer,
halypalaň, ozal sylan, ynanan,
özleri özünden çekilen, giden,
hiç kim bolup galar seretseň yza,
hemem döwlet seniň goýberer ýakaň,
sen özüň özüňi çökerseň dyza.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024