Erkek umydy
Gorkýar olar galdyrmaga başyny,
gorkýar seretmäge öňde duranyň
garagynyň içine däl dikanlap,
bakmaga ýüzüne göni,
soramakdan geçen sorag, beýleki,
aýalyny urýar öýünde, emma
köçä çyksa, bolýar derrew öýdäki.
Gorkýar olar öňe çykmaga örän,
öňe çykmak nirde, pikir etmäge,
çekilýärler yza gutarýança ýer,
gerek bolsa taýýar, Garaguma däl,
asfalta, mermere çümüp ýatmaga.
Gokrýar olar, çagasy bar sebäbi,
aýlyk getirmese, aç galjak, öljek,
bilýär başga iş tapylmaz kowsalar,
ýa öz işin açyp, işläp bilmez kän,
bergi-borja batar, ýitirer malyn,
emlägini bolan hemem bolmadyk,
a soňundan işsiz, jenaýat edip,
gorkýar olar türmä gitmekden, çünki,
az däl türmä gidip, gaýdyp gelmedik,
gorkýar olar demin almakdan hatda,
gorkmaýarlar göýdük galmakdan baky,
belki, biri halas eder, ýetişer,
umyt edýär ölmedik.