Adam terrory

Ýok, döwlet terrory dabyrdap gelip,
adamlary öldürmeýär biruçdan,
ak at münüp, awtomatly, gylyçly,
goldawy bolmasa ýeterlik başdan,
sebäbi garaşýan köp bolýar oňa,
ýa-da barýan ýüzün garaňka tutup,
haçan geljek diýip, sorap,
a gelensoň, goraýanlar daşyny
bir-birine gezek bermän, gysganyp,
şeýdip olar öldürýärler özlerin,
atyp ýa-da pyçaklap däl, elbetde,
ýuwaş-ýuwaş çüňke gabap,
bir-birini basyp, gyssap,
öz-özünden terror bolmaýar döwlet,
ýeterlik bolmasa döwletde gassap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024