Ýazmak derdi
Ýazmagam hassalyk,
Uzak, alysda,
Ilden aýra düşüp, tüsseläp özüň.
Belki, daşdan görüp, azaşan bende,
Yzlap geler diýip ot ýakan ýaly,
Öz-özüňe ejir bermek her günde...
Wagtal-wagtal diýýäň: “Besdir-dä indi!”
Başujuňdan zyňýaň kagyz-galamy.
“Güneşe çyk, gyzdyr sowan süňkleriň,
Bugar ýagyş geçen toprak mysaly,
Ýüregiň bulut deý dynç alsyn diňip!” --
Diýýäň, emma ýene çykmaýar çeniň.
Ýazmagam hassalyk,
Gutulyp bilmän,
Öz-özüň aklaýaň çaga mysaly:
“Erkim ýetse, şeýdip ýanjakmy walla?
Iller ýaly piwe içjek, aýallaň
Aýagyna, başga ýerine bakjak,
Gezjek hemem hözir görjek birsellem...”
Ýazmagam hassalyk,
Ondan gutulmak,
Dynmak üçin biraz biparhlyk gerek,
Bigänelik gerek dogan iliňe,
Topuga çykarman dünýäň silini,
Gark bolýan millete ýanmazlyk hemem
Diýmek gerek saňa bolmasa gerek,
Kime derkar munda ýazmak biderek?!.