Ýagy meselesi

Kim islemez öz ýurdunda,
öz ilinde ýaşamagy, ölmegi,
emma döwlet mertebäňe
ädigini süpürse,
bir seniň däl, ulus iliň
ýüregine tüýkürse,
ýurt bahasy gara şaýa
gelip biler bir demde,
bagtyň gelse gaçarsyň,
gutularsyň birsellem,
terror astynda galan
naçar ejeň, kakasyny
Stalin hem Gitler alan,
ýüregini tutup, öçýänçä bir gün,
46 ýyl pyýada
mekdebe gatnan kakaň,
Tejen kgbsi kowandan soňra,
ýöremekden galyp göçýänçä bir gün,
garaşarsyň ýoluňa
göz dikeni görmäge,
kim islemez öý ýurdunda,
öz ilinde galmagy,
döwleti bolmasa ýagy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024