Olar bilýär

Olar bilýär hökümetde
ynanara bir adam ýok,
iň ýokardan aşaga çen,
hemem bu bir, iki kişiň
ekişi däl, oragy däl,
bütin iliň miwesi
ýetişen, bişen, düşen;
aňýar olar bu petik kän
sylajak däl hiç kimi,
ýöne ondan haçan, niçik
çykyp bolar, bilmeýärler,
dogry, ýalbarýarlar alla
alaý diýip käbirlerin,
emma ölmi dilenýänler
bäri-bärde ölmeýärler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024