Ömür we sen
Sen özüňe ynan, adam çagasy!
Synasy sag, akly-huşy ýerinde,
adam bolup doglan bolsaň,
goýma özüň hem goýdurma
mal ornunda, gurbanlyga bakylýan,
kimse saňa buýurmasyn
geýmelisin, diýmelisin,
ezdirme öz-özüň üstüňden basyp.
Seret yza, SSSR,
döşüňe nyşan dakan,
hudaý ýasap Leninden,
geçdi ýa-da geçip barýar,
iýip ogul-gyzlaryny,
ynanma hiç baky durjak,
baky galjak sütem ýok,
gul bolmaga gelmediň sen,
çünki hudaý ýa ýaradan
ýaratmaýar gullary,
gulçulyk adamyň işi,
işi däl ol allanyň,
onuň işi adam, belki, aň, belki,
üşük, belki, ynansaň sen,
adam däl sen o diýen
ynanmasaň, tapmasaň
özüňdäki ynamy,
hem durmasaň yzynda oň,
duran ýaly naçar eneň,
garran ataň arkasynda,
goran ýaly çagalaryň, namysyň,
sen ynamy goramaly, bu dünýä,
gökde güneş, ýerde derýa,
ýurduň seniň özüňki,
begiňki däl, baýyňky däl,
hem garaşma hiç gudrata, goldawa
alladan ýa adamlardan,
özüňe ynanman ozal,
hem üstüňe alman ody, ataşy,
seň özüňe bagly günüň dogmagy,
ýa-da dogman batyşy.