Iki bölünen jemgyýet
Bolşewige mamla diýdirdi olar,
Staline mamla diýdirdi olar,
gyrgyna bereni üçin baýlary,
ýa baýajak bolanlary,
goranlary öz baýlygyn, emlägin,
üstesine erkini we hukugyn,
sebäbi soň dörän baýlar,
ilini hem ýurdun çapyp çalasyn,
iki günde ýetişen hem ötüşen,
öňki, soňky baý bolandan ozdurdy,
beg bolandan ozdurdy,
böldi olar jemgyýeti dik, parran,
bir bölegi "garamaýak" diýilýän,
köplük olar, elbetde,
hiç bir zada ygtyýary, haky ýok,
aýak asty bolup galmakdan başga,
ady döwlet, bidöwletler mülkünde,
beýleki tarapda begler, beýikler,
çapdylar atlaryn iliň üstünden,
näme etse, ygtyýary haky bar,
hiç diýjek ýok herki zadyň çaky bar,
sebäp itden çykarylýar dil açan,
nirä barsyn, ýetsin, tutulýar gaçan,
bolşewige mamla diýdirdi olar,
Staline bolsa direg hem mydar.