Tamamlanan gurluşyk
Terror döwletini gurdular üýşüp,
bir bölegi aktiw örän,
çala ümleneni salyp sanawa,
ilki işden kowup derhal,
türmä basyp gaty gitse,
bir bölegi aram işjeň,
öz nepini bilip diňe,
alyp bolýan ýerden alyp,
ýolup bolýan ýerden ýolup,
talap talap bolýanlary,
garamaýak diýilýän,
garawsyzy öldürip,
has köp boldy passiw hemem agressiw,
ylalaşyp terror bilen,
özüne dahylsyz ýaly,
oturdy sesini çykarman, busup,
ýok edildi pitneçiler,
eger el astynda galsa,
ozal kim bolanam bolsa,
tamam boldy gurluşyk,
ulanmaga taýýar desga,
indi hemme gorkuda,
KGB ýa NKWD, parhy ýok,
para alýan prokurorlar,
kazy-kelan, ministr,
ýa-da wise-premýerler,
parlamentiň başlygy,
deputatlar, diplomatlar,
başbakana çenli iň bir goragly,
terror döwletinde özün aldaýar,
gün-günden güýçlenip dowly.