Päl
Iliň-günüň mertebesin gorasaň,
hökümet han ýaraglanyp, atlanyp,
kgbesi bilen, polisi bilen,
seniň mertebäi basgylar, asar
özüň gelip dikilmedik agaçdan,
ýüp getirdip aýalyňa öýüňden,
ejeňi öldürer hökümet seniň,
kakaňy öldürer hökümet seniň,
bajyňy öldürer hökümet seniň,
ýene bir ýakynyň, ýene birini
hassa eder, terror astynda saklap,
emma sen öldürdi diýip bilmersiň,
sebäp eli bilen gelip,
ýa-da aýagy bilen
öldürmez hökümet göni,
gytaklaýyn öldürer ol,
ýaşap bolmaz ýaly eder,
bolmaz ýaly eder gutulyp, galyp,
otuz ýyllap ýol bejermez,
ýa ýap çekmez suw gelip,
ekin ekiner ýaly,
köprüleri bejermez ol,
güýji ýetmez sebäbi,
köşki-eýwan gurunyp,
emma zäherläre seniň ejeňi,
ýa kakaňy, pensioner mollumy,
işinden kowmaga ýeter oň güýji,
a sen öwmelisiň ony,
söz tapyp süýjüden-süýji.
Iliň-günüň mertebesin gorasaň,
diňe hökümet däl, kän bolar ýagyň,
ozallar hökümet haýrany bolan,
ozalky ateist, soňky hudaýhon,
ozalky şugulçy, soň ýene näme,
ozalky ministr, soňky aktiwist,
ýa-da onuň ogly, gaçyp gutulan,
ozalky polisiýa, soňky dissident...
seniň mertebäňe hüjüm ederler,
taýýar bolmalysyň, howpdan-hatardan
gaçmak ýa gutulmak ykbalyň däldir,
hem gelersiň ahyr şeýle netijä:
belki, saklajak-da, aljak-da päldir.