Milli betbagtçylyk

Bölüp bilseň bir-birinden,
ol eýle, bu beýle diýip,
ýa-da özi bölek bolsa,
tire-taýpa donun geýip,
ýa-da millet iç-içinden,
wezipeli, garamaýak,
ýa-da barly, barsyz bolup,
ownan bolsa manat deýin,
nädip ezseň bolar ony,
bolar nädip entetseň-de,
maşynyn däl, gara gözün
agartmaga taýýar bor ol,
ýokardaky islese,
bölüp bilseň bir-birinden adamy,
itip aşak pesden-pese,
ýal edip bor her näkese.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024