Taýagyň beýleki ujy

Adam diýdi türkler gelip,
dogan bolup çapdylar,
ýykdylar ýurdumyz orusdan beter,
ýardam etjek diýip gülüp,
ýaratdylar ýykyjylar,
talaňçylar elitasyn,
gurýan bolup ýumurdylar
ulus iliň öýün, jaýyn,
baý boldular, beg boldular, gitdiler,
indi biz barýarys türklere dogan,
gardaş diýip, boýun burup,
ýykmaga däl ýurdun, dogry,
gul bolmaga, ýarasak,
juda bolman ten satmaga arzanjak,
geçsek bolýar bir zada,
ýüzümizi gara etdi ýaradan,
gulak asman perýada...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024