Syýasat we adamlar

Olar syýasata goşulmadylar,
çekildiler ondan hapa, harsy dek,
hemem hapa, wezipelä baş egip,
saklanjak boldular gödek
her gün öňe dyzanda,
gep-gürrüňden daşda durup,
başgalar uranda oda başyny,
ilki bolup türmä düşen,
ýa işinden kowulan
bagyşlady olary,
emma geçirmedi syýasat, zalym,
ýeke-ýeke aýlanyp,
gapylaryn kakdy kileň,
on müňlerçe syýasatdan daş duran
işini ýitirdi birden,
on müňlerçe adam türmeden geçdi,
on müňlerçe adam ýurdundan gaçdy,
ýene gaçjak, başarsalar, elbetde,
sebäbi gaçmadyk tutulýar, ölýär,
emma daşda, walla, gymyldy etseň,
iň bolmanda çörek puluň berýärler,
ýowara ýa çärä çyk aç,
hemem gygyr bagtly bolup,
bezenip diýmeýärler.

Syýasata goşulmadylar olar,
çekildiler ondan hapa, harsy dek,
şeýdip, hapa, haram adamdan doldy,
syýasat diýilýän mukaddes meýdan,
iki ýüzli gylyç alyp eline,
boldy, ulus ile boldy,
syýasat busanyň öýüne geldi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019