Eder-eder

Eder-eder,
her kim
özüne eder.
Äder-äder,
her kim
özüne gider.

Edeninden ýanar,
örtener soň, soň.
Özünden, özünden
gaýdyp gelensoň.

Ýöne adam
öz-özüne zulm edip
hemem öz-özüne
sümülip gidip,
aňsat-aňsat
edenine düşünmez
hem gelmeze
gidenine düşünmez.

Eder-eder,
her kim
özüne eder.
Äder-äder,
her kim
özüne gider...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019