Dogmadyk bagşy

Çilimiňi taşlan ýaly,
goýan ýaly üzül-kesil,
aragyňy goýan ýaly,
ýaşlygyňda öwrenen,
sowet adamy bolup,
öz-özüňi goýma, taşlama dula,
durmuş urdy diýip bulap.

Taşlama dostlaryň,
dogan-gardaşyň,
il-günüňi, öz-özüni aparan,
dula däl-de, hendegine taryhyň,
gaýrat tapman özünde kän,
goranmaga, durmaga,
goýma öz gününe ogry-jümrini,
gelejegi ogurlaýan, talaýan,
çünki erbet adam işimiş ýagşyň,
hiç uruşman boýun alma ýeňlişi,
öldürme özüňde dogmadyk bagşyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024