9-njy maý goşgusy
Uruşdan soň näme galýar?
Ýeňenlermi ýa ýeňilen,
ýa-da aman galan esgerler diňe,
iki tarapda-da, maýyp hem müjrüp,
ýa fiziki, ýa ruhy,
ýa-da birden ikisem,
uruşdan soň näme galýar?
Bu soraga anyk jogap,
göni jogap mümkin däl,
ýöne belli adam bolsaň,
beýniň bolsa azajyk,
uruşda ýeňiji bolmaýar asla,
ýeňen tarap, ýeňlen tarap,
parhy ýok,
ýüreginde gezýär göterip mydam
söweş meýdanynda galan ärleri,
dullary olaryň yzynda galan,
çagalary, ýetim-ýesir,
ýa-da entek dogulmadyk,
ýarsyz galan ulugyzlar,
ýa-da oglun, ärin ýa-da doganyn,
atasyny jaýlap bilmedik ynsan
haýsy ýeňşiň, nämäň gürrüňin eder?
Hatda tylda ýer sermenen,
ýa aram, belki-de, gowurak ýaşan,
karam edip, bagty çüwüp, elbetde,
ýeňdim diýip bilermi?
Uruşdan soň näme galýar, gardaşym,
ölenmi ýa galan gaty ölermi?!.