Okamaýan il

Okamaýan iliň göz kökün gyryp,
bilin büküp dokan gyzyl halysyn,
yhlasyny gözel-gözel gyzlaryň,
gelinleriň baýdak ýaly pasyrdan,
göz edip, kast edip düşärler köçä,
özüne ýat, iline ýat ýylgyrar,
aýakgaply gezer üstünde onuň,
bu ýerde mesele haly-kilim däl,
asyrlyk däp-dessur taşlanar aşak,
millet düşer hapa köwşüň astyna,
okamaýan ilde nämeler bolmaz,
nämeler edilmez adama garşy,
özi göwnäp, çykarylsa kastyna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024