Döwletiň adamlary
Döwletiň adamlary,
iň kiçiden iň ula çen,
goldamakdan geçen,
gorandan geçen,
garşy bolsa işe, güýje,
her gymyldy edene,
garamaýak, elbetde,
çagasyny eklejege,
pul soraman döwletden,
salgyt tölejege tersine oňa,
ýol bermese, bogsa iki el bilen,
aýagyny duşaklasa ýöräniň,
depesinden bassa ýaňy döräniň,
berim bolsa bir, ýeke-täk çykalga,
hemem berim aljagyndan kän bolsa,
gazanmajak bolsa çaý ýa-da çörek,
kim näme üçin iş gurunjak, işlejek?
Döwletiň adamlary,
iň kiçiden iň ula çen,
diýmän besdir, boldy bir çen,
işleýär öz garşysyna,
garşysyna milletiniň,
hem diýmeýär eger-eger,
näme diýer gelen, geçen?