Halallar tiresi
Halallar tiresi başdan-aýaga,
kimi görseň garalawçy, özi ak,
tämiz, bir gyrada durupdyr mydam,
ulus iliň eli hapa batanda,
ýa milletiň dili hapa batanda,
hudaýdan daş düşüp, ýolundan azyp,
diňleseň, hä berseň, bir abat kişi,
düzüw kişi ýokdur töwerek-daşda,
gaçsaň başyň alyp, ýurduňdan çykyp,
yzyňdan hat ýazar: "Pylany pylan,
pylanydan ägä bolgun, başarsaň
tagamda tabakdaş bolmagyn alsa..."
Otursaň hem ýazsaň hersi bir eser,
çygylmak gerek däl ýok zady toslap.