Pikir we adam

Pikir etmek erkinligi seniňki,
kelläň bolsa iki egniň üstünde,
ony hatda dowzahda-da ýerdäki,
gara başyň ýarmasalar,
ýa durmasa ýüregiň,
içiňden çykaryp, alyp biljek ýok,
ýöne ulanmasaň, beýni işlänok,
şondan el hem aýak ýaly,
beden ýaly, her günde,
etmeli işini etdirýän wagtyň,
barmaly ýeriňe baryp-geleňde,
beýniňi, kelläňi ýatdan çykarma,
çykar ondan zir-zibili artykmaç,
nepi ýetjek ne özüňe, ne ile,
gowy pikir bolsa, ýaraly, ýarty,
ýarasyny bejer, agzyna seret,
iýdir, içir, galdyr aýak üstüne,
sebäp adam diňe gujurly goly,
ýa her hapa basan aýagy bilen,
galyň ýüzi bilen ýa-da,
düýäň dabanyndan beter,
adam bolup bilmeýär,
üstesine gidýär adam iru-giç,
emma pikir ölmeýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024