Içiňdäki ýaranjaň
Sen içiňde tankytçyny öldürme,
aladasyz bolmak üçin,
yzagalak döwlet ýaly,
öz sözi ýok dogry, düzüw,
başgaň sözün çekip-çydap bilmeýän,
sen içiňde ýaranjaňy heläkle,
hiç döwürde hak iş üçin ölmeýän,
el çarpyşma onuň bilen,
ör turup açyk ýalana,
sebäbi bu, siňe baksaň,
tango tansyn etmek bolar,
haýal ölüm bilen çykyp dalana.