Galagyň galagynyň galagy

"Bir gün gazet okamasam galak men",
ýazypdy men diýen wagty,
tanymal sowet şahyry,
hem isleýän türkmen şahyry bolmak,
halkyň ýazyjysy, halkyň şahyry,
halkyň hyzmatkäri bolmak isleýän,
Magtymguly ýaly, belki,
emma Partiýanyň ýesiri bolan,
bendi bolan oglanlykdan,
ak mekdebiň partasyndan ölýänçä,
sebäbi obada ýeke-täk oýun,
ýeke-täk güýmenje öwmekdi ony,
nämedigin göre-bile,
Lenin baba bilen bile,
Stalini agzaman hiç,
emma gazet, žurnal, kino...
öňe alyp gitmegi däl,
açmagy däl gözüň seniň,
döşüňden itmegi niýet edende,
depäňden basmagy niýet edende,
bütin dünýä gark bolýarka
maglumatyň içinde,
sen agzyňa suw damdyran tapylman,
galan ýaly Garagumda,
ýeke gün ýa ýeke aý däl, ömürlik
maglumata teşne bolsaň, aç bolsaň,
ýa gark bolsaň ýalan-ýaşryk,
radýasyz çopana-da ýakmajak,
maglumat däl maglumata gömülseň,
sen galagyň galagynyň galagy,
hemem bu öz işiň aglasaň, gülseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024