Sen nähili ýaşaýarsyň?

Sen ozaly özüň bilen
ýaşaýarsyň neneňsi?
Durýarsyňmy öz garşyňda
ýaýaplaman, egilmän,
öz ýüzüňe gelip bilýärmiň käte,
boýun alyp bilýärmiň
kemçiligiň, kemisiň,
namartlan ýerleriň, belki,
ýa-da bärden gaýdan wagtyň,
ýa-da ýalan sözleýärmiň,
aldaýarmyň öz-özüňi,
ýa ýaýaplap, gypjyn-gypjyn,
elek-çelek gözleriň,
içiňden galpyldap,
durýarmyň zordan,
duran ýaly çynyň aýtsaň,
azgyryljak, ýüzüň aljak,
has beteri işden kowjak
başlygyň öňünde göýä,
ýa bolmasa, aýalynyň öňünde,
ikilik edip gelip,
elek bilen suw daşaýan
erkek ýaly ylgaýarmyň?
Sen ozaly özüň bilen
ýaşaýarsyň neneň, adam,
baýdakmy sen müýnsüz ýelde,
ýa ýalandan galgaýarmyň?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024