Dünýe
Dünýe,
seni gördüm ozal düýşümde.
Gezdim ümür bürän bossanlaryňy.
Soň oýanyp gördüm seni huşumda,
çyn diýip ynandym toslanlaryňy.
Ogşadym seň ak pamyk deý elleriň,
eliňden, eliňden ogşadym dünýe.
Egdim seniň sünbül saçly telleriň,
gelinden, gelinden gowşadym dünýe.
Seni, seni gördüm ýene düýşümde,
gülli güzerlerde ýüzüp erkana.
Soň oýanyp gelip ýene huşumda
söýdüm gül gyzlaryň göwni görkana.
Dünýe,
seni gözden salman bir pursat,
ýürekde, ýürekde göterdim ýördüm.
Sende aw awlaýar şir, şagal, garsak,
sende öz ömri bar namardyň, merdiň.
Dünýe, seni söýüp gyzlaryň bile,
kempirleriň bilen ýazgaryp bilmen.
Lebiňe leb goýup uzlaryň bile,
soň beren bagtyňy az görüp bilmen.
Dünýe, seni bolşuň ýaly apalap,
bolşum ýaly, bolşuň ýaly söýerin.
Men yzyňdan ýetjek bolman çapalap,
haçan diýseň, dowamyma goýaryn.
Dünýe,
seniň özüň ýaly kämil men,
hemem seniň özüň ýaly gögele.
Ertir ýene çaga dogar jigildäp,
haýp saňa düşünmeze, sögene!