Durmuş
Durmuş göreş, her gün ädimme-ädim
Yza çekilmeli, süýşmeli öňe.
Durmuş göreş, her gün ýandyrar ädiň,
Çyn görüner oýna seretseň siňe.
Durmuş göreş, ýeňseň – güreler daşyň,
Ýeňilseň – bir özüň çekmeli derdi.
Ýegre dostuň gaçar ýapyryp başyn,
Ýeňiş däl, ýeňiliş tanadar merdi.
Durmuş göreş, ýöne hemme men diýen,
Orta çykyp bilmez göterip başyn.
Köplükdi, şekim ýok, kän bolar ýene,
Ýagy gaýtsa – batyr, hem dosty aşyň.
Durmuş göreş, aňyrsy ýok oýnunyň,
Kimem bolsaň ýykar ýadadyp bir gün.
Diňe akmak görer keýpini onuň,
Akyllyny eder özüne sürgün...
()