Siňek problemasy

Siňegini gorap bilmese adam,
ýa kowup bilmese çybyn-çirkeýin,
elde ysgyn, dyzda kuwwat galmasa,
ogly-gyzy ýa ýakyny bolmasa,
goramaga, soramaga halyny,
siňek iýer adamy,
çybyn iýer adamy,
çirkeý iýer adamy,
tükederler çar ýanyndan çekeläp,
tükeden dek açyk bankaň balyny.

Goralmasa ak maýany, ineri
ulukjyn açdyrar çakyp gögeýin,
şagala, möjege näme diýeýin?

Milleti-de, goranmasa,
ýa bolmasa ogly-gyzy,
ýa-da bolup, gelmese hiç,
gelmäň ýolun bilmese hiç,
ýa-da gelmek islemese,
öz siňegi, çybyny ýa,
çirkeýleri girip agyz-burnundan,
ýa gözlerin işik-gapy edinip,
gulaklaryn gowak edinip oýnap,
diňe iýmek, tüketmek däl,
puşman etdir ýagty dünýä gelenne,
siňegini gorap bilmeýäm millet,
öz-özüni, küýze ýaly pytrajak,
gyýçak daşa gaçyrýandyr elinden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019