Başarsaň

Sen adamyň ak saçyna seretme,
ak gaşyna seretme,
sakgalyna seretme ak,
seretme ak gyňajyna,
namazlygyn güjeňleýän,
güjeňleýän hajylygyn,
diläp alan hökümetden,
seretme hiç sözlerine adamyň,
ýa-da okan, baran ýerne,
işlän ýerne uly, kiçi,
kim çykmady haýsy daga,
ak girse-de, ak girmedik,
öz-özüne dönük çaga,
öz öýüne dönük aga,
dönük bolar oba, ile,
sen adamyň hiç adyna seretme,
gaç uzaga öz-özüni satandan,
guran bolman hile-sile.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019