Hol ýokarky gatdan
Hol ýokarky gatdan
eşdilýär hüwdi.
Ene balasyna:
--Ýat, oglum! --diýdi.
Hol ýokarky gatdan
eşdilýär owaz,
hüwdi ýere düşýär
hem urýar perwaz.
Meniň gulaklarmy
deşäýjek bolýar.
Ýitip-ýitip gidýär
hem gaýdyp gelýär.
Döne-döne, döne
eşdilýär hüwdi.
Ene balasyna:
--Ýat, oglum! --diýdi.
A mende uky ýok
hem ýok ýat diýýän.
Ýazýan, ýanýan hemem
özümi iýýän.
Diýýän ähli
ýazanlarym biderek.
Ibalyrak zada
güýmenmek gerek.
Gün dogar,
bir demde
ýagtylar bu tün,
ertir başga işe
berlip başbitin,
giderin, giderin,
uzakdyr ýollar,
ýollar meniň aryp
duranym bilmez.
Ýene, ýene
ýapyşaryn galama.
Ýene ak kagyza
gerin salama.
Ýokardan eşdiler
şol zaryn hüwdi.
Enäň balasyna
owuz dek öwdi...
Maňa öwüt beren
tapylmaz eger...
Goşgym bir daş bolup
maňlaýma deger!