Rowaýaty adam bolmak islämok
Rowaýaty adam bolmak islämok.
Rowaýaty beýge galmak islämok.
Su günden öçürlip ýasyryn hat deý,
rowaýatda baky galmak islämok.
Islämok,
il agzy keramat bolsun,
alamat bolsun, bela-beterden,
işsiz ile gürrüň bolup gezmäni.
Rowaýatda bal ýalasym gelenok,
besdir su gün ezip iýsem süzmäni,
çal içsem çörek bilen.
Goý, kemimem bolsun,
kemçiligimem,
bor adam bolsam.
Meniň rowaýat deý ýitme netim ýok,
zor adam bolsam
ýa zor bolmasam,
o diýen güýçli.
Men islämok rowaýaty adam deý
owadan düýşli,
owadan ýalana çümüp gitmäni,
saçym ütmäni
aýatda ýa soň.
Rowaýata siňip galyp,
köýüp ýa,
köýmän, kösenmän,
rowaýaty adam bolmak islämok.
Adam bolmak,
ýalňyşly hem ýalanly,
galamly,
dertli, dermanly, emli,
hasratly, gamly,
aglap hem gülüp,
begenip, gynanyp,
ökünip käte,
äden hem ätmedik ädimlerime,
adam,
adam bolup galmak isleýän,
ölmek islämok!