Gymmat düşýän gowulyk

Eger seniň döwletiň,
ýa-da ady hökümet,
hapa çümse gulagna çen,
burnuna çen, belki-de,
üstesine seni-de,
çagalaryň bilen bile
hapa çekse her günde,
sen sesiňi çykarmasaň,
bolan bolup gowy bende,
bu diňe döwlet başynda
oturanyň günäsi däl,
seniňem günäň uly,
sebäbi bu güne gelensiň göwnäp,
garşy durman bolmanda,
ejeň, kakaň bilen bile,
hem ondan çykmarsyň haky çagyryp,
ýa diňe alladan diläp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024