Aýdylmadyk sözler

Aýdan günüň öýke-kine,
kime degjek, kimi egjek,
çekinersiň, çekilersiň,
diliň dişläp, her gün yza,
öz-özüň çökerip dyza,
jeňňelinde aýdylmadyk sözleriň,
hem olardan bukjak, ýaşyrjak borsuň
utanç doly, ýaşy kepän gözleriň.

Aman, nirä gaçjak, busjak,
aýdylmadyk sözüň bary
çöker gelip ýüregiňe, bagryňa,
öýkeniňe urar olar,
topugyňdan depäňe çen
azar bolup durar olar,
günbe-günden basar egniňden aşak,
adam ogly aýdyp bilmedik sözün,
sebäbi ýa bahana kän, elbetde,
soňuna çen gezer daşap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019