Il we lider
Saýlaw, seçgä tarap ýarym,
bir ädim ätmedik iliň,
ýa ätmejek bäri-bärde,
galan ojak ýaly öçüp,
ýa bilmeýän saýlaw näme,
ýa-da biljek bolmaýan hiç,
ýa deňinden geçip giden bireýýäm,
sowulmaly ýeri görmän,
saýlanan lideri bolmaz,
başyn goýjak ili üçin,
bellärler oňa başlygy,
hiç ulalyp oňalmajak,
ömür bolup galjak kiçik,
iň köwegi, akly biçik,
götermek üçin däl ýerden,
basmak üçin halky aşak,
hem saklajak soňuna çen.