Serhet goragy

Serhediňi, araçägiň goramak
her bozgakdan, bahyldan ýa hassadan
kiçi-girim wezipe däl,
tüpeňiň ýa taýagyň
bolmasa-da eliňde,
goranmasaň bolmaýar,
bolmanda çekilip yza,
emma çöken günüň dyza,
bilýäň, serhet ýykylar,
araçäkden galmaz nyşan,
agajyny hem simini
alyp gider geçen, aşan;
elini uzadýan bozýar serhedi,
dilini uzadýan bozýar serhedi,
zäherleýär sözi bilen bolmanda,
çakyp galýar gözi bilen bolmanda,
serhetleriň, araçägiň goramak
kiçi-girim wezipe däl,
isle ýaşa Ysraýylda, Arapda,
ýa-da gaçyp Almanda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024