Seniň ýoluň

Seniň sözüň seniňki,
diýdiň ýa-da diýmediň,
seniň ýüzüň seniňki,
açdyň ýa-da ýygnadyň.

Pikirleriň, nireden
geldi ýa-da uç aldy,
seniň özüňki diňe,
uýan bolsun, bolmasyn,
gaty görme, garaşma,
ýylytsyn ýa üşütsin
kimdir birin eşiden,
garaşma sen sagbola,
ýa garaşma garşyňa
çykanlardan bil guşap,
mysal üçin, mertlige,
mertlik seniň özüňki,
bolup bilseň, bolmasaň,
ýaşap bilseň, ölmeseň.

Seniň özüň özüňki,
seniň sözüň özüňki,
çalyşmasaň özgäňkä,
göwnüň geçip özüňkiden,
ýa yzynda durup bilmän,
ýa dymmasaň ömürlik,
arman susanyň bilen,
ýa-da öwrüleniň bilen
öz-özüňe kesekä,
öz ogluňa kesekä,
öz gyzyňa kesekä,
bilseň ýa-da bilmeseň,
seniň ýoluň özüňki,
gitseň ýa-da gelmeseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024