Maksat

Maksat - öňe saýlanmak däl,
ozmak däl ol tozan turzup,
ýa ýykmak däl başga birin kirşene,
dykmak däl ol dar ýerlere ejizi,
orden, medal ýa baýrak däl üstünlik,
ýa mal-dünýe, alty maşyn, ýedi jaý,
barybir az bolar olar,
maksat, meger, özüň bolup galmakda,
eger özüň düzüw bolsaň ozaly,
uruş meýdanyna girmän,
hapalaman eliň, göwnüň
nobatdaky narsisistde,
maksat – ýaşan günüň gurgun ýaşamak,
üstde ýa-da bolman pestde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019