Taryhyň düzüw tarapy
Nirede taryhyň düzüw tarapy,
gyssag görüp ýa-da görmän,
doganyňy satmakdamy,
öz öýüňe gaçyp atan ýat ilde,
myhmany bilen bile,
ýa sesin ýazmakda dostuň, kärdeşiň,
duzun iýip otyrkaň,
duşmanyna bermek üçin,
ýa düzüw tarapy taryhyň haýdap,
suw sepjek bolmakdamy
iki-ýeke köreýäne, ýanýana,
galar ýaly iliň umydy öçük?
Nirede taryhyň düzüw tarapy,
adam elmydama bilip bilmeýär,
ýa-da bilip, gelip bilmeýär oňa,
garaňky sowlansoň gelen dek daňa,
sebäbi bu aňsat iş däl hiç haçan,
bolmady, bolmajak entejik, belki,
şondan ilki aş gatyklan agzynda,
uzak gitmän bolýar gülki.