O şahyrlar
O şahyrlar, bu şahyrlar,
partiýanyň waspyn edip,
setirleriň arasynda,
arkasynda bolmanda,
bir zatlary diýjek bolup çalyşdy,
galjak boldy şahyr bolup azajyk,
gara basyp gijelerne,
golsuz arza ýazýan galamdaşlarnyň
dary bolman jüýjelerne,
diri galsa, şükür etdi,
ýazyp, hapa batyp gitdi.
O şahyrlar, bu şahyrlar,
hem partiýa, hemem haka
gulluk etjek boldular,
agyr-ýeňil ýaşadylar, öldüler,
indi setirleri, kän güzap beren,
siňe baksaň, gan görünen süýt bolup,
daş ýa kesek bolýar mazarlaryna,
ýa okaman geçmeli sen sowulyp.