Baky türme
Nämälim birisi aýdyp gidipdir,
ýowuz türme gaçyp bolmajak asla
beýniňdedir seniň diýip,
üýtgedesim gelýär muny,
sebäp adam öz türmesin
päli bilen gurýar ilki,
gara göwün bolup başga
türme gurjak bolýanlara,
binýadyny çuňdan tutup,
galyň edip diwarlaryn,
beýle bendi günä geçişe düşmez,
günä geçýän özi bolsa-da, walla,
rehimdar, geçirimli diýýärler,
päliýaman bolsaň, rehim etmän,
baky türmä salyp, ýylgyrýar alla.